Ildeşlerimiz Remezan Baýramyna garaşýarkan. Bir birine baýram gutlaglaryny ibermäne taýýarlyk görüp ýörkäler. Şol gutlaglaryny ýazjak we beýlekiler bilen paýlaşyp biljek iň aktiw sosial saýty Teswirler ýapylandygyny yglan etdi.

Türkmen Internetiniň sosial şahamçasyndaky iň uly we abraýly söze eýe bolan platforma mundan beýle diňe arhiw görnüşinde durjak. Teswirler ýaly öň hem uly abraýa eýe bolan, ýöne soňlugy bilen ýapylan ýa-da öňküsi ýaly işläp bilmeýän saýtlar hem bar. Herkimiň öz sebäbi bolandyr, elbette Agajanyň hem sebäpleri bardyr.

Indi tagt eýesiz galdy. Soňky 2 ýyl sosiallyga öwrenişen türkmenistanly ulanyjylar özlerine laýyk platforma gözlegine düşdiler. Meň şahsy pikirimçe ýakyn gelejekde orta birnäçe saýt çykmakçy. Her biri hem Teswirlerden gaýdan ulanyjylary özlerine çekmekçi bolarlar. Sebäbi Teswirleriň gurujysy bolan “agajanh” lakamy bilen tanalýan agza elindäki ähli arhiwi oňarjak saýt tapylsa berip biljekdigini belläp geçipdi.

Bize, ýönekeý ulanyjylara, garaşmak we täze çykjak proýektlere baha beräýmek galýar. Belki şeýlelik bilen Internette türkmen saýtlaryň sanawy hem köpeler, täze tejribeler ediniler.

p.s.

Agajanyň Teswirleri ýapandan soňky ilkinji reportažyny maňa bermegi kabul etti. Ýakynda reportažy şul ýerden paýlaşmaky.

7 Comments

  • Killer

    Arhiwleri oñarjak adam tapylar welin bashynda durup kontrol edyän adamam gerekdä! Hany onda reportajlañña garashyas..

  • Rainman

    buya bolmady :( namede bolsa eden işlerinizde üstünlik dileyan. şunça edilen zat hem belli bir ösüşlige getirdi diyip pikir edyan.

  • Nihat

    Bizemä ýetim tokly ýaly ondan oňa entäp ýörüs şu wagt. Ýöne ýerini tutýan ýok, biri has ýeňles, beýlekisi has agras diýen ýaly.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *