Öň habar berşim ýaly Agajan bilen hat üsti birnäçe soragly reportaž aldym. Ilki bilen Agajanyň işlerini köplügi sebäpli sorag jogap uzaga çekdi. Soň bolsa meniň özümiň işlerim sebäpli reportažy çap etmäne gijä galdym.

Agajan bilen ilki teswirleriň ýapylmagy barada açylan gürrüň soňlugy bilen türkmen sosial platformalary barada dowam etti. Soň onuň häzir üstünde işleýän proýektleri barada hem gürrüň berdi. Sohbetdeşligiň ahyrynda onuň web proýekt alyp barmak barada tankyt hem maslahaty bar.

Baýram:

“Teswirler”iň ýapyljakdygyny Pkirler bölüminde biziň bilen paýlaşypdyň. Ilki köpüsi kän üns bermändi, ýapylmajagyny aýdýardylar, öňler hem şeýle pikirler bilen gelip hiç zat etmeýänligiňi belläpdiler. Häzir teswirler.com adresine gireniňde “Tehniki ishler gecirilyar.” Diýip ýazgy çykýar. Bul tehniki işler kän dowam edermi? Işleri gutaransoň Teswirler öňküsi ýaly dowam edermi? Ýa-da indi Teswirleriň owry tamamlandy diýmelimi?

Agajan:

Teswirleriň ýapylandagy barada dogrusy birtopar gepler bar. Käbirleri satypdyr diýip gepler çykarypdyr, käbirleri birine beripdir diýipdir, garaz herkim meni tanaýşyça birzatlar diýýär.

Aslynda welin teswirler düýbünden ýapyldy. Teswirleriň arhiw şeklinde saklanjakdygy we içindäki bloglary alyp boljakdygy hakynda men talyplar.com saýdynda habar beripdim.

Baýram:

Talyplar saýtynda eger täze proýekt çyksa Teswirleriň ähli ulanyjy agza we bloglaryny berjekdigiňi belläpdiň. Ondan soňky ýazgylaryňda bolsa diňe arhiw görnüşinde durjakdygyny ýazýaň.

Pikiriňden näme sebäpli döndüň? Eger dönmedik bolsaň, ýagny başgalaryna berip biljegiň digry bolsa, berip biljek täze proýektleriň kriteriýalary näme bolmaly? Bul proýektler täze açylmalymy ýa-da şuwagtky proýektlere, eger kriteriýalara dogry gelýän bolsa, hem berip biljekmi?

Agajan:

Hawa, teswirleriň maglumatlaryny başga birine bersem hem arhiw şeklinde durar, bermesem hem. Ýagny birwagtda ikisini hem edip bileris. Hem arhiw görnüşinde teswirler saýdynda durar, hem-de täze saýtda durar.

Edil meniň özüm, täze arassa we taşlanylman üstünde işlenilýän saýt bolsa, teswirleriň hli maglumatlaryny bermekçi. Täze proýekt diýip, hökman täze açylmaly däl, ýöne öňki saýtlaryň arasynda teswirleriň maglumatlaryny berip biljek saýdym ýok. Şonuň üçin täzeräk bir saýt açylsa onda berip bileris.

Agzalaryň şahsy maglumatlary, çat-lar, şahsy habarlaşmalar, sowgatlar we ş.m agzalaryň özlerine degişli zatlar hiçkime berilmez. Diňe bloglar we teswirler, hem-de eger pikirler ýaly bölümi bolsa pikirlerdäki ýazgylar hem berilip biliner.

Baýram:

Seniň Teswirleri ýapmagyň esasy sebäbi wagtyň ýetmeýänligi diýýäň. Ýaňy-ýakynda VeriHasap proýektini hödürlediň. Häzir näme proýektler üstünde işleýäň? Indiki proýektleriň barada hem gysgaja aýtsaň.

Agajan:

Edil häzirki wagtda VeriHasap, VeriSchool, VeriCake programmalarynyň üstünde işleýän.

Köp kişi bu proýektleriň atlaryny belki birinji sapar eşidýändir, ýakynda bular hakynda tanyşdyrýan saýt döretmekçi we dünýä bazaryna girmäge synanşmakçy. VeriHasap ulgamy açan günümiz, 30-dan köp adam registrasiýa etdi häzir olaryň arasynda ulanylýar. Muňa begendik. Ýakyn wagtda orslary, gazaklary, burmallary hem bu proýekt bilen tanyşdyrmakçy. Türkmenistanda lokal şeklinde 10-dan köp firma peýdalanýar. Seniň öndüren birzadyňdan adamlar peýdalansa, iň keýp berýän ýeri şondamyka diýýän.

Garaz proýektler dowam edýär we nesip bolsa eder. 5Welaýat hakynda hem köp kişiniň habary bar, ol proýekt hem ýakyn wagtda dünýä inmeli. Käbir meseleler üçin, azajyk yza süýşürmeli boldyk.

Başgada birtopar ideýalarym bar. Diňe durmuşa geçirmäge wagt ýetenok.

Baýram:

Teswirleriň ýapylmagy bilen täze platformalaryň ýüze çykmagy garaşylýar. Aslynda kän wagt geçmedem welin, täze çykan proýektlerden haýsysy Teswirleriň tagtyna oturyp biljege meňzeýär? Teswirleriň arhiwine haýsy proýekti laýyk görýäň? Ýa-da laýyk görülmek üçin gereklilikler näme?

Agajan:

Teswirleri şu durşuna ertir.com adresine bermekçi. Bärde gep platforma hem dälde, platformaň eýesi hakynda gürrüň gidýär diýsek has gowy bolar. Men öň hem ýazypdym, eger gowy seredip biljek biri bar bolsa bermekçi diýip. Şol gowy seredip biljek biri tapyldy öýdýän.

Sentýabryň 20-lerinden soň, ertir.com adresinde teswirleriň öňki görnüşi açylar diýip umyt edýärin.

Baýram:

Teswirlerde seniň gyzyklyja ýazýan mowzukaryň bardy. Olary ýazmana dowam edermiň? ertir.com (täzelenen Teswirler) adresinden yzarlamana dowam etmeli mi, ýa-da öz adyňa öňden hem bar bolan agajanh.com adresinden birzatlara garaşmalymy?

Diýjek bolýanym Teswirleriň administrasiýasindan çekilýäniň türkmen blog-sferasyndan çekilýäniň manysyny bermez ahyry?

Agajan:

Türkmen blogsferasyndan çykyp bolmaz.

Birzatlar ýazmagymy nirede hem bolsa dowam ederin. Öz blogymda hem, başga saýtlarda hem.

Aýdyşym ýaly internetde ölmekçi däl, başga proýektler hem bolar. Ýöne ol proýektleriň ählisinde men ikinji orunda bolaryn. Hiçbir proýektiň doly meň üstümde bolmagyny goldamok. Diňe tehnik tarapdan kömek etmekçi we başgalar dolandyrar, ösdürer.

Baýram:

Sen özüň hem mundan birnäçe ýyl ozal web dizaýn we programmirleme dünýäsine täzeje (Teswirlerdäki status) bolup giripdiň, häzirki täze web dünýäsine girýän türkmen ýaşlara näme maslahat edip bilersiň? Tankytlara garaýşyň nähilli?

Agajan:

Şu sözi kimem tapan bolsa, aýagy agyrsyn. Webdizaýn diýmek näme zat? Webdizaýn bileniň bilen hiçzat hem bolanok. Esasy gep dizaýn hem däl, programirleme hem däl. Esasy zat adamlara gerek zady berip bilmek. Adamlara gerek birzady berip bilseň, hiçkim seniň dizaýn işiňe hem seretmez, programirlemegiňe hem.

Köpleriň habary bardyr, turkmennews.com ýaly bir saýt bardy. Ap-ak sahypa, hiçzat ýok. Dizaýn ýok, programirlemek ýok. Ýöne gündelik Watan habarlary saýdynda goýýardy. Daşary ýurtdakylar girip görip bilýädiler. Meniň üçin şeýle saýt, dizaýn owadan, böküp oýnaýan flashlar, gözüňi gamaşdyrýan reňkler we bir bölümi açaňda “Bu bölümde hiçzat ýok” diýen ýazgy çykandan gowumyka diýýän.

Tankytlar hakynda bolsa, tankytlar hemişede bolar. Olardan geregiňi alyp, gerekmejeklerini geçiribermeli. Kim näme diýse hem umytdan düşmeli däl, dowam edibermeli.

9 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *