Türkmen Internetindäki “türkmen” sözüniň esasy sebäpkärlerinden bolan saýt. Soňky 2 ýylyň iň kän agzasy bolan hem iň kän girilýän türkmen saýty teswirler.com, ýa-da teswirler, ýapylýar. Şeýle habary teswirleriň gurujysy hem-de baş administratory bolan Agajan pikirlerinde paýlaşty.

Pikirinde Agajan (agajanh) şeýle diýýär:

kimilerine gowy, kimilerine erbet habar. bahym teswirleri başga oglanlara bermekçi.

Agajan pikirlerde (teswirleriň bir hyzmaty) şeýle dowam edýär:

sebäbi soňky döwür, seretmäge hiçhili elim degenok. seretmeseň hem ölip barýar. ýagny moderlere seretmeli, içini kontrol etmeli, tehnik tarapdan seretmeli we ş.m işler doly. beýdip ýuwaş-ýuwaşdan dargap gidenden, wagtynda ýapanyň we başga oglanlara şans bereniň gowy diýip karar berdim.

Teswirleriň agzalary bul ýapylma habaryny bir deňli kabul etmediklerini belläp geçmek gerek. Köpüsi ýapylýanlyfyna gynandylar.

Men öň hem türkmen internetinde belli bir abraýa eýe bolan saýtlary ýatlap bir mowzuk ýazypdym. Men olaryň hiç haýsysyň ýapylyşyna şaýatlyk etmändim. Indi ýene bir döwriň ýapylýanlygyna şaýatlyk edýäris.

11 Comments

  • Nihat

    Birinji gezek senden eşidýän Baýram aga, bula bolmadaý. Şeýle-de 3-4 gün bäri ýapyk welin iç gysýar. Bula bolmandyr :/

  • Bula bolmandyr. Bahbit bolsun, Türkmençe "Social media" saýtlarynyň sany artyp başlady welin olar teswirler-iň ýerine alardan ir.

    Temadan daşary: ubuntu ulanyan öýdýän?

    • agajanyň diýýäni beýlekilere pursat bermek… göreli hany teswirleriň ornuny tutyp biljek bir platforma çykarmy?…

      temadan daşary: hawa ubuntu… düýnden başlap windows 7 hem türkmen dilinde…

  • kirito

    bah..habarymam yokdy, shuwagt okayan. bulashar yaly name boldy? onki yaly ejen bajyn diyip tema achyanlarama yokdy. gowja mowzuklar achylyady. yany kemala gelip ugrapdyda..bula bolmandyr. yapylmagyny goldamayaryn.

  • Hudayguli

    oglanlar ayyplaşman weli özünizi zorlap türkmençe gürlejek bolyanyz, bu gowy zat, yöne, arasyna başga dilden kabir sözleri goşup yazyanyz weli, yaman gülkünç bolyar. esasanam türkçe goşulan wagty. men bir zada ynanyan türkmençe ansat-ansat dünya dillerinin arasynya girmek beylede dursun, kompyuter diline-de ornaşym bilenok. onunam günakari her türkmende (şol bir wagtyn özünde mende de) bolşy yaly milletçilik egosy. Agzymyzdan çykan her söz türkmençe bolmaly diyilyan kanun yok. İn gowusy, kabir halkara sözleri bolşy yaly ulanmak. jadyly guty-telewizor, edil şu wagt yadyma düşen birinji mysal. Bu yazanlarym türkmen dilini kiçeltmek üçin daldir. Mana dogry düşünersiniz diyip umyt edyarin.

  • Mirasymyz

    Men teswirler ýapylan batlaryna saýtdadym. Saýta "heleý.guly" diýip bir agza girip 11sahypany dagy hapa sögüp ýazypdyr. Adminlere, moderatorlara sögüpdir. Men-ä düşünemok spam göýberipdirler diýdilermi nämemi.

  • Leo

    Bah, shu heleyguly=garagolmyka? Name reg'i yapip, önkuje agzalar bn bolupjyk, reg etjeklerem, admina email yazip son adminin özu etse. Sayt dagamazdy, mallaram kän sayti bulap bilmezdi

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *