Bangkok aeroporty barada giňişleýin maglumatlary internetten tapyp bilersiňiz. Men esasan öz synlarymy ýazmakçy.

Aziýanyň adam geçirijiligi boýunça 3-nji iň uly aeroporty. 2010-njy ýylda 42.7 million ýolagçy geçen. (çeşme: Wikipedia)

Bangkokda iki sany halkara aeroport bar. Suvarnabhumi (Suwanapum) täzesi we ulusy. Aeroport diýilende esasan Suvarnabhumi barada gürrüň edilýär, ýöne şonda-da taksi tutanyňyzda aeroportyň adyny aýtmasaňyz taksi sürüjileri kellesine görä äkidiberýärler.

Aeroportyň girişinde, ýurduň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, patyşanyň dürli ýaşlardaky suratlary garşy alýar.

Aeroport 4 Gatdan (Level) ybarat. Iň aşakky gat gelen ýolagçylaryňky, ýokarkysy bolsa gidýän ýolagçylara we tranzit bölümine niýetlenen.

Terminalyň içine gireniňde registrasiýa we bagaž tabşyrylýan ýerler bar.

TürkmenhowaýollarynyňkyP hatarda ýerleşýär.

Taýlandyň ähli ýerinde boluşy ýaly terminallar hem heýkeller (putlar) bilen garşy alýar sizi.

Migrasiýa gullugyndan geçip Duty Free bölege geçeniňizde hem uly heýkel bar.

Ýaşuly iň ýokarda durandyr.

Duty Free bölümden birnäçe pursat.

Turistler üçin Goşmaça Salgyt (NDS) yzyna gaýtarylýan ýer hem bar.

Salgydy yzyna almak üçin söwda eden dükanyňyzda blanka doldurmaly. Alan harydy pasport belgisi bilen blanka doldurýarlar. Soň reýse registrasiýadan geçensoň pasport barlagdan geçmän Salgyt Gullugynyň budkasyna barmaly we eliňizdäki blanka möhür basdyrmaly. Möhüri basanynda harydy hem görkezmegiňizi soraýarlar. Ahyry pasport barlagyndan geçensoň, ýagny resmi Taýland serhedinden geçensoň suratda görkezilen ýerde NDS-i yzyna alyp bilýäňiz.

Tranzitte kä wagtlar birnäçe sagat garaşmaly bolýan. Men özim iki gije geçirdim tranzitte. Köp wagt garaşanyňda elbette ajygýaň. Naharlanar ýaly ýer kän weli, halal nahar berýän ýer tapmak kyn.

Duty Free-niň F bölüminde “Food Corner” (Iýmit ýa-da Nahar Burçy) bar, şol ýerde kiçijek kafeler bar. X-press Kebap, Canadian Pizza we Ichiban (ýapon tagamlary) kafeler halal nahar berýärler. Üçüsem bir ýerde, ofisiantlaram bir. Stola oturanyňda eliňize 3 sany menýu berýärler.

Garnyňy doýuransoň uçar wagtyň gelýänçe dynç almaly.

Men bul ýumşak kreslolary iň soňunda tapdym. 8 sagatlap gije tentän ýerim galmandy. Ahyry uçara münilýän ýere golaýlanymda ýumşajyk kreslolary gördim. Indiki gezek hem gijeläp garaşmaly bolsam näme etjegimi bilýän le.

Tranzit bölüminden pursatlar.

Aşakda – gelýän ýolagçylar.

Fly Emirates Airbus A 380. Iň uly ýolagçy uçary.

Uçara geçilýän iň soňky garaşylýan ýer.


Notice: compact(): Undefined variable: limits in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/class-wp-comment-query.php on line 821

Notice: compact(): Undefined variable: groupby in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/class-wp-comment-query.php on line 821

Warning: count(): Parameter must be an array or an object that implements Countable in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/class-wp-comment-query.php on line 399

4 Comments


  • Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

    Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
    KEMAL.A

    gen galaymali bayram starbucks barda yazmandir bu gezek :)


    • Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

      Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
      Bayram TM

      men elimdäki suratlara seredip ýazdym… baryp gaýdanyma 1 aýdan köp wagt boldy… ýadyma düşmändir…

  • […] barada öň birnäçe mowzuk edip ýazypdym. Bul gezek diňe birnäçe surat paýlaşmakçy.Suvarnabhumi (okalyşy: Suwanapuum) aeroportynda ýolagçy goşlarynyň alynýan ýeri. ”First […]


  • Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

    Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928
    Nihat

    Şol ýumşajyk kreslolarda 5-6 sagat ýatdym menem. Birem şu aeroportda “Smoking room” bar. Şol gowy zat.


Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

Leave a Reply
Deprecated: Function get_magic_quotes_gpc() is deprecated in /home/bayramtm/bayramtm.com/wp-includes/formatting.php on line 3928

Your email address will not be published. Required fields are marked *