Windows 7 türkmen dilinde…

Belki bilýänler bardyr welin, şonda-da bir buşlaýyn diýdim…

Google daýydan türkmen bloglaryny gözlänimde Microsoft (Maýkrosoft) firmasynyň diller portalynyň blogyna duşdym. Ol ýerde Windows 7 operasion sistemanyň türkmen dili paketi (The Turkmen Language Interface Pack for Windows 7) barada habara duş geldim. Ol ýerde ýükleme sepleri hem berlen. Continue reading →

Teswirler ýapylýarmy?

Türkmen Internetindäki “türkmen” sözüniň esasy sebäpkärlerinden bolan saýt. Soňky 2 ýylyň iň kän agzasy bolan hem iň kän girilýän türkmen saýty teswirler.com, ýa-da teswirler, ýapylýar. Şeýle habary teswirleriň gurujysy hem-de baş administratory bolan Agajan pikirlerinde paýlaşty.

Pikirinde Agajan (agajanh) şeýle diýýär:

kimilerine gowy, kimilerine erbet habar. bahym teswirleri başga oglanlara bermekçi.

Continue reading →

Suvarnabhumi – Bangkok Halkara Aeroporty

Suvarnabhumi – Bangkok Halkara Aeroporty

Bangkok aeroporty barada giňişleýin maglumatlary internetten tapyp bilersiňiz. Men esasan öz synlarymy ýazmakçy.

Aziýanyň adam geçirijiligi boýunça 3-nji iň uly aeroporty. 2010-njy ýylda 42.7 million ýolagçy geçen. (çeşme: Wikipedia)

Bangkokda iki sany halkara aeroport bar. Suvarnabhumi (Suwanapum) täzesi we ulusy. Aeroport diýilende esasan Suvarnabhumi barada gürrüň edilýär, ýöne şonda-da taksi tutanyňyzda aeroportyň adyny aýtmasaňyz taksi sürüjileri kellesine görä äkidiberýärler.

Continue reading →