Men bul blogymda WordPress blog skriptlerini ulanýan. Ýakynda şol skriptiň täze wersiýasy çykypdy, menem gözümi ýumyp täze skripti işledäýdim.

Ilki bilen onça wagtymy ýitirip türkmen diline eden terjimelerim ýitdi. Hemme zat ýene iňlis diline öwrüldi. Soň oturyp öz köne arhiwlerimi agtaryp birwagtlar ýarym galan terjime faýllarymy tapdym. Soň terjime edilmän galan ýerlerini täzeden dolduryp dil faýllarynyň arasyna goşdym.

Başka mesele bolsa twitter plug-in problemasy boldy. Meniň ýazan makalalarymy derrew twittere iberýän plug-in hem işlemän galdy. Onyň hem täze wersiýasyny almaly ekeni. Täzeden düzmeli ýerlerini düzip ony hem işlettim.

Soňky meseläni bolsa men 1 hepteden soň bilip galdym. Bir wagtlar Google Analytics ulgamy arkaly saýtyma gelen-gidenleri yzarlamak üçin skriptiň içine birnäçe setir kod goşupdym. Olar hem ýitipdir. Soňky heptede näçe adam girdika diýip barlanymda 0 (nol) diýip dur, ýogsam ol aralykda birnäçe teswir hem ýazylandygyny bilýän. Beýle bolmaly däldi… Birem meniň häzirki ýerimde ftp serwerlerine giriş gadagan edilen (port 21 girelgesi ýapyk). Diýmek ftp ulanyp bolanok. Browser arkaly işleýän ftp guraly hem zordan işleýär biziň internet tizligimizde. Ahyry 1 heptä golaý işten soň şol 2-3 setir kody goşyp bildim saýtyma. Indi giren-çykan kim bolsaňyz yzarlap bilýändirin.

Bu makalanyň maksady näme?

Araňyzda eger meniň ýaly işiňizi gyssagly etmek sileýäniňiz bar bolsa duryň… Ýedi ölçäp bir kesiň…

One Comment

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *