Taýlandyň paýtagy we iň uly şäheri (ilaty: 11.971.000, çeşme: Wikipedia). Tai dilinde şäheriň ady Krung Thep, ýöne şäheriň doly we ofisial ady bolsa has uzyn, hatda Guinnes rekordlar kitabyna hem iň uzyn şäher ady diýlip girizilen. Doly ady: Krung Thep Mahanakhon Amon Rattanakosin Mahinthara Yuthaya Mahadilok Phop Noppharat Ratchathani Burirom Udomratchaniwet Mahasathan Amon Phiman Awatan Sathit Sakkathattiya Witsanukam Prasit, iňlis dilinde bolsa şeýle: “The city of angels, the great city, the eternal jewel city, the impregnable city of God Indra, the grand capital of the world endowed with nine precious gems, the happy city, abounding in an enormous Royal Palace that resembles the heavenly abode where reigns the reincarnated god, a city given by Indra and built by Vishnukarma” (Wikipedia). Türkmen diline terjime etjek boldym welin dilim döwüläýjek boldy.

Suvarnabhumi International Airport

Şähere ilki geleniňizde Suvarnabhumi halkara aeroporta gonýaňyz. Aeroport gaty uly we Aziýanyň iň uly aero-terminallaryndan biri (Suvarnabhumi barada indiki mowzuklarymda doly ýazmakçy). We aeroporttan çykanyňyzda birden çygly we yssy howa sebäpli demiňiz gysýar, birem ýakymsyz ys hem ýigrendirýär. Eger öň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna gelmedik bolsaňyz gaty kyn ýagdaý. Köp adam ilki gelende derrewje yzyna gaýtma niýetiniň döreýänligini aýdýar. Mende hem “Nirä geldim beýle?…” sindromy bolupdy.

Ikinji zat bolsa tai dili. Tai dili tonal dil bolany üçin intonasiýa köp rol oýnaýar. Birem hemme tailer burunlary dykylan ýaly gepleýärler. Dilleri we ýazuwy öň ömrüňizde hiç görmedik we eşitmedik zatlar bolsa “Nirä geldim beýle?…” sindromy gaýtalanýar. Men özüm ilki gelenimde aeroportdan tranzit geçmeli boldym we bütin gijämi aeroportda geçirdim. Uçar reýsime çenli zordan çydadym.

Aeroporttan şähere gitmek üçin iň amatlysy taksi tutmak. Taksiler üçin gelen ýolagçylar gatynda taksi duralgalary bar. Duralgada öz gezegiňi garaşyp dispetçera gitjek ýeriňizi aýdýarsyňyz we ol ýerden aýrylman nirä gitjegiňizi anyklap çykýäňyz. Ýöne, eger öň Bangkoga gelen bolsaňyz we nirä gitjegiňizi anyk bilýän bolsaňyz onda aeroportyň iň ýokarky gatyna (gidýän ýolagçylar) çykyp ýolagçy düşürýän taksilere münip bilersiňiz. Sebäbi aşakdaky taksilere müneniňizde aeroport çykyşynda awtoduralga tölegini (50 BHT, 1$ = 30 BHT) hem siz özüňiz tölemeli bolýäňyz.

Eger Bangkoga özbaşdak gelýän bolsaňyz onda galjak oteliňizi öňünden bilseňiz gowy boljak. Otelleri Internette birnäçe ýerden tapyp bilersiňz, bulardan käbirleri:

Internet arkaly söwda edip bilme mümkinçiligiňiz bar bolsa (kredit kartoçkalar) onda öňünden otel nomeri aýyrtsaňyz size aňsat bolar.

Dowamy bar…

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *