Ine birnäçe wagtdan bäri biziň milli howa gatnawjymyzyň internet arkaly elektron bilet satuwyna geçjekdigi barada maglumatlar gelýär. Hatda mundan birnäçe aý öň bul habar barada teswirlerde hem ýazypdym.

Bugün biziň döwlet edaralaryna degişli bolan saýtlary gezýärkäm Türkmenhowaýollarynyň web saýtyna hem duşdym.

Türkmenhowaýollary

Saýtyň adresi: http://www.turkmenhowayollary.gov.tm/

Saýt häli taýýar däl, ýöne işler edilýänligi belli. Gelejekde ulanyljak saýtyň umumy dizaýny taýyn ýaly. Indi diňe platforma geýdirmek galana meňzeýär.

Suratda görnüşi ýaly biletlerimizi internet arkaly alyp boljaga meňzeýär. Hemde uçarlaryň gatnawnamasyny göniden yzarlap boljaga meňzeýär.

Hemmämiz sabyrsyzlyk bilen elektron sistema geçilmesini garaşýarys.

4 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *