Tüweleme häzir türkmen saýtlary köpelip ugrady. Nirä seretseň planynsayty.com ýa-da myhmanymbol.net we ş.m. saýtlar bilen internet ummany dolup başlady. (Olaryň içinde meniň saýtymy hem goşaýyň)

Ýöne geliň mundan 10 ýyl ozalky döwre geleliň. Ol wagtlar domain almak nirede?… lycos.com ýaly reklamadan doly ýöne MUGT serwislerde bir saýt açmak bir batyrçylykdy. Goltugy bişen towuk ýaly çişip ýörärdik. Meniň ilkinji saýtym ýalňyşmaýan bolsam Yahoo-nyň berýän geocites.com atly mugt hyzmatyndandy. Ýöne saýtymyň doly adresi ýadymda däl. Sebäbi ol mugt serwerlar diňe sub-domain berýärdiler.Geliň ol döwürde biz türkmenler üçin döredilen saýlary ýatlalyň…

Ine-de birnäçesi:

  • agAjan.8m.com – Bu teswirleriň agajany däldir (soň bildim, ol häzir teswirlerde “garapişik” agza ady bilen ýazýar ekeni…). Meniň pikrimçe ilkinji türkmen portaly. Içinde gyzykly maglumatlar, hekaýalar, şygyrlar tapyp bolýardy.
  • eyho.8m.com – Bul hem ady agzalan agajanyň degişmeler saýty…
  • turkmens.com – Ankarada bir uniwersitetde işleýän eýranly türkmeniň açan saýty. Türkmen ady geçyän ilkinji satyn alynan domain bolmagy ähmal. Bu saýtyň birtopar goşmaça saýlary hem bardy. Bir wagtlar watan habarlaryny download edýardik her gün bu ýerden.
  • avp.asb.tm – Türkmenistanlylar üçin döredilen belki-de ilkinji adam akylly forum. Içinde çat hem bardy. Saýt rus dilindedi we köplençe Orsiýetde ýa-da Türkiýede okaýan talyplar girýärdi. Men hem her gün diýlen ýäly girýärdim, birtopar wagtymy biderek çatlarda zaýalaýardym.
  • turkmenweb.com – Amerikada okaýan türkmeniň guran internet hyzmatlary saýty.
  • tmchat.com (tmchat.ru/tmch.at) – turkmenweb.com-yň çat hyzmaty. Bir wagtlar türkmenleriň belki-de iň köp girýän saýtydy. Ýöne häzirki döwürde girýän adam ýok.
  • turkmennet.com – Tehnologiýa ugrundan ilkinji türkmen dilinde gurnalan saýt bolmay mümkin. Bulam turkmenweb.com-yň hyzmatlaryndan. Özüni tehnologiýadan başy çykýan ýaş türkmenleri tapsa bolýardy. Bul hyzmat hem durduryldy. Iň soňky ýazgy 2006-njy ýyla degişli.
  • cool-tm.org – avp.asb.tm saýty ýapylansoň, birnäçe oglanyň jemlenip açylan saýtydy. Ilki bilen türkmenler üçin niýetlenen saýt, soň ruslaryň girýän saýtyna öwrüldi. Bir ýyldan uzaga gitmedi.

Başga-da birnäçe saýt bardy, men esasan özümiň girýän saýtlaryny ýazdym.

Türkmen Interneti barada ýazmana dowam ederin.

2 Comments

  • mundan 10 yyl ozal teswirlering agajany chagajyk bolaymasa ol o wagtlar sayt achyp bilesi yokdylay,beh garapishik agang oz saytlary bar diysene yone name uchin agAjan.8m.com,eyho.8m.com ikisinedem girip bolanak yapyldymyka ikisem agAjan.8m.com munga giryaremde ichine girip zat okap bolanak

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *