Soňky birnäçe ýyldan bäri Apple firmasy bizi öz mobil enjamlary bilen begendirip dur. Başyny iPhone bilen başlan firma ahyrynda ady agzalan telefonlardan eýýäm 4 nesil geçdi, we käbir myş-myşlar 5-nji wesiýasynyň gaty ýakynda geljegini aýdýarlar.

Men Apple-yň enjamlaryndan iPad bilen başladym tanyşlygymy. Soňra özüm bilmän günde Internete girenimde Apple bilen baglanşykly saýtlara hem girip başladym.

Öňler 2000-nji ýyllaryň başlarynda ilkinji gezek Apple-yň şahsy kompýuteri bolan “Macintosh”lary görenimde halaman, beýle biderek we ulanylmasy kyn bolan sistema nämä gerekdigini sorapdym. Birem onuň ýanynda bahasy hem içiňi çekdirýärdi. Beýleki Windows bilen işleýän kompýuterlerden iki esse gymmat. Özüme-de gaýdym şol firmanyň kompýuterleriniň ýanyna hem barmaryn diýip söz beripdim.

Ýyllar geçdi, tehnologiýa hem ýerinde duranok. Men hem Windows-tan bizar boldym. Birgün elime iPad geçdi. Şol wagta çenli elime geçen iň üýtgeşik enjamlardandy. Kompýuter diýseň, kompýuter däl, telefon hem diýip bolanok, mp3 player-lara hem meňzetseň kesidilen ýaly boljak. Garaz gije-gündiz elimdäki enjamyň her deşigine girip çykdym. Soň onda ulanjak programmalar üçin degişli web saýtlara girip başladym. Her gün diýen ýaly Apple firmasyna degişli mäglumatlary yzarlap otyrdym.

Soň ahyry öňler ýanyndan hem geçmerin diýen kompýuterlerini hem yzarlap başlanymy bilmän galypdyryn. Soňam özümi bilmän menem bir Apple MacBook edinäýsemmi diýip başladym… Öňler ýanymdakylaryň ulanýan MacBook-laryna göwnüm ýetenokdy. Indi bolsa birazyrak pul jemleşdirim alaýasym gelip gözüm gyzyp dur.

Gepiň tümmek ýeri… Önümleriň hili nähilli bolsa-da reklama we marketing uly ýer tutýar. Apple firmasy çykarjak enjamlary barada hiç hili maglumat berenok, ýöne bir topar forum hem bloglarda olaryň çykaryp biläýjek zatlary barada uly gybat gidýär. Şeýlelik bilen herkim çykarjak enjamynyň harakteristikalaryny biljek bolup sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Ýöne näçe pikir aýdylsa-da her gezek firma üýtgeşik birzatlar bilen herkimi haýran galdyrmany oňarýar.

p.s.

Meniň Apple höwesim geçip ugran ýaly. Ýakynlarda elime Android 3.1 OS-li tablet geçdi. Mende iPad-den hem kän höwesim döredi. Indi jemlän (jemlejek) pullarymy nämä sowjagymy karar bermeli bolaryn.

11 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *