Türkmenhowaýollary – web saýt

Ine birnäçe wagtdan bäri biziň milli howa gatnawjymyzyň internet arkaly elektron bilet satuwyna geçjekdigi barada maglumatlar gelýär. Hatda mundan birnäçe aý öň bul habar barada teswirlerde hem ýazypdym.

Bugün biziň döwlet edaralaryna degişli bolan saýtlary gezýärkäm Türkmenhowaýollarynyň web saýtyna hem duşdym. Continue reading →

Geçmişe syýahat

Tüweleme häzir türkmen saýtlary köpelip ugrady. Nirä seretseň planynsayty.com ýa-da myhmanymbol.net we ş.m. saýtlar bilen internet ummany dolup başlady. (Olaryň içinde meniň saýtymy hem goşaýyň)

Ýöne geliň mundan 10 ýyl ozalky döwre geleliň. Ol wagtlar domain almak nirede?… lycos.com ýaly reklamadan doly ýöne MUGT serwislerde bir saýt açmak bir batyrçylykdy. Goltugy bişen towuk ýaly çişip ýörärdik. Meniň ilkinji saýtym ýalňyşmaýan bolsam Yahoo-nyň berýän geocites.com atly mugt hyzmatyndandy. Ýöne saýtymyň doly adresi ýadymda däl. Sebäbi ol mugt serwerlar diňe sub-domain berýärdiler. Continue reading →

Apple (Dişlenen alma)

Soňky birnäçe ýyldan bäri Apple firmasy bizi öz mobil enjamlary bilen begendirip dur. Başyny iPhone bilen başlan firma ahyrynda ady agzalan telefonlardan eýýäm 4 nesil geçdi, we käbir myş-myşlar 5-nji wesiýasynyň gaty ýakynda geljegini aýdýarlar.

Men Apple-yň enjamlaryndan iPad bilen başladym tanyşlygymy. Soňra özüm bilmän günde Internete girenimde Apple bilen baglanşykly saýtlara hem girip başladym. Continue reading →