Türkmen Internet sferasyndaky peýdaly saýtlary paýlaşmaga dowam edýärin.

Öň paýlaşan saýtym türkmen dilinde saglyk barada ýazýan www.saglyk.info saýtydy.

Bu gezek bolsa www.bayjan.com saýtynyňky.

Men ol saýty Google daýynyň kömegi bilen başga zatlar gözlegindekäm tapdym. Saýtta meniň ünsümi çeken zat ol ýerde türkmen elipbiýinde ýazmak üçin ýörite gurallaryň bolmagy. Bilşiňiz ýaly türkmen elipbiýine has harplar bar we ol harplar hemme kompýuterde ýok (Windows 7 öz içine goşdy, Linux-larda bardy öň, MacOSX-da ýok). Ýa-da diýeli akylly telefonlardan (smart-phone) internete girýän bolsaňyz we türkmen elipbiýini ulanasyňyz gelen bolsa onda www.bayjan.com-daky gurallar edil size gerekli.

Munyň ýanynda hem terjime gurallary hem bar. Gerek bolsa sözlem bolmasa-da sözleri terjime edýän sözlükler. Ýöne saýtyň eýesiniň bildirişi ýaly terjimeler 100% dogry bolman biler. Birem sözlem terjime guralyny häli “barlag goýberiliş” hökmünde bolup durýar, we kemçilikler bolup biljegini öňünden habar berilen.

Başga-da birnäçe kemçilikleri bar, şonuň üçin hem bu goýberiliş barlag goýberilişdir, ýagny beta goýberiliş diýip bileris.

Saýt barada bölüminde bolsa özleriniň maksadyny şul sözler bilen bildirýär:

Bu sitäniň asyl maksady Türkmen halkynyň, medeniýetiniň, diliniň we döwletiniň tanadylmasynda şänik ýalyjak hem bolsa goşant goşmakdyr.

Saýtyň aşagynda ýazylan maglumata görä saýt eýýam 4 ýyla golaý (2007-2011) internette hyzmat berýän ekeni. Saýtyň dizaýny hem türkmenistandan girjek ildeşlerimiziň “trafik” hem-de internet hili kemçiligi pikirlenip edilene meňzeýär. Sadaja we göz ýadatmaýan dizaýny bar.

Saýty taýýarlan (ýa-da taýýarlanlar) kimdigini bilip bilmedim, ýöne türkmen Internetine goşandy üçin ony gutlasym gelýär.

4 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *