Müşderi: Men… neme… kompýuter ajlakdym…

Satyjy: Nähilli kompýuter aljak?

M: Neme… oýun oýnamana…

S: Saňa noutbuk gerekmi ýa-da stasionar? Winçester näçelik bolmaly? Grafikasy?

M: …? Aý neme da… oýun oýnar ýaly bolsyn… Hä, birem agent bolsyn!…

Ana!!! Agent bolsyn!!!

Häzirki döwür ýetginjekler Internet diýende Mail.ru Agent-dir diýip pikir edýän ýaly. Menem IM (Instant Messaging: Tiz Habarlaşma, ýa-da çat programmalary) barada birzatlar ýazaýyn.

Meniň ilkinji IM tejribäm Yahoo Messenger bolupdy. Wow!!! Dünýäň her ýerindäki adamlar bilen edil şol wagtda ýazyşmak! Täsin zatdy meniň üçin. Elbette ol wagtlar ýyl 2001 di. Ol wagtlar IM diýen termin hem bardygyny öýdemok. Hemmämiz Messenger diýýärdik ol programmalara. Ol döwürde smaýlikler hem aňsatjady. Olary programma suratjagazlar bilen çalşanokdy, ýöne Yahoo Messengerda suratjagazlar çykanda begenjimiň çägi ýokdy.

Yahoo Messenger gowja, ýöne onuň üçin garşydaky adamyň hem Yahoo hasaby bolmalydy. Soň Bir ýerlerden ICQ (I Seek You: Men Seni Gözleýärin) Messengeri tapdym. Oň gowudygyny… Islän mail hasabyň bilen ýazylyp bolýar, we şeýlelik bilen potensial çat partnerlaryň sany hem köpelýär. Bir kyn tarapy seniň agza adyň bir nomer bolýardy, 342342309 ýaly birzatlar. Ol nomerleri ýatda saklamak hem kyn bolýardy. Ýöne soň ICQ hack diýen zat bilen tanyşdym. Ol sistema ilki çykan wagtlarynda nomerler 5-li bolupdyr, soň olar dolansoň 6-ly nomerler berlip başlanypdyr. Men ilki regirstrasiýa bolanymda 8-li nomerler bardy.  Soň bir ýerlerden özüme 6-ly nomer hack etdim. Ýalňyşmasam nomerim 112-224 bomlaly. Owadanja hem-de ýatda galaýjak nomer. Birem ICQ-nyň sesi bardy ýatda galaýjak.

Türkiýede ne Yahoo ne-de ICQ ulanylýardy. Türkler esasan MSN Messenger ulanýardylar. Soň menem bialaç MSN hasaby hem açypdym. Ýöne onda-da diňe türkler bardy.

Bir näçe wagt geçensoň IM programmalary köpelip başlady. Indi herkim bir birden çykaryp başladylar öz “agentlerini”. Herkim oýnawaçlary bilen özüne adam çekjek bolýardy, kimi sesli gepleşik serwisine başlady, kimi-de ondan yza galmajak bolup wideo arkaly gepleşikleri berip başlady. Indi IM programmalary esasy habarlaşlak maksadyndan çykyp başlapdylar. Adamlaryň biderek wagtlaryny geriýän ýere öwrülip başlandy meniň pikrimçe. Meniň özüm IM programmalardan bizar bolup ulanmany goýupdym.

Soň Google firmasy öz Google Talk IM programmasyny çykardy. Girip görenimde diňe ak ekran. Hiç hili artykmaç zady ýok. Diňe ýazyşmak üçin döredilen zat. Google mail ulanýan ýeterlik tanyşlarym hem bardy, has takygy köpüsi beýleki mail hasaplardan bizar bolup Gmail-e geçipdiler. Gtalk-da ýokardan, aşakdan çykýan reklamalar ýok. Nä tanyş adamlardan hat pat gelenok. Gözüň we gulagyň dynç alýar.

Biziň halkyň Mail.ru Agenti ulanmalaryny düşünemok. Meniň şuwagta çenli gören iň biderek IM programmasy. Bir iş bilen açmaly boldym mail.ru hasabyny. Hudaý saklasyn, gaýdyp ulanmaryn. Açan hasabynam hem ýadymdan çykar inşallah.

5 Comments

    • Kimiň galdyran mirasy bolsa-da… Mail.ru Agent düýbinden ýok edilmeli IM. Ýa-da Mail.ru-da işleýänleriň kellesine daş düşüp özleri düzedişdirmeli zatlaryny…

  • Nazar

    Düýnem teswirlerde biri ýazýa: "Biz türkmenler bolup näme üçin mail.ru agendi ulanmaly?" 😀 Kim ulanmaly diýip aýtdy asyl? Ulanamogam, ölemogam.

  • your indian friend

    Sebabi agent bizin turkmenistanlylaryn in kop ulanyan messengeri we shol sebap bilen kim biri bilen habarlashjak bolsada agentin usti bilen tapyar. MEn pikirimche barde Agent ya yahoo brandlary kop rol oynanok, esasy zat kop ulanyjylyk.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *