Öňler pikir ederdim, şul amerikanlaryň pullary bütin dünýäde ýöräp dur, biziň manadyň ýagdaýy nämekä diýip.

Talyplyk döwrümde Türkiýede biziň pullarymyz hiç tanalmaýanlygyny gördüm. Ýöne käbir adamlarda kolleksiýa höwesi bardy, şolara elimde bar bolan manatlardan berýärdim. Olaram begenip derrewjik kolleksiýasynyň içine goýardylar. Esasanam kolleksiýalary oturýan stollarda aýnanyň aşagynda durýar. Käbirleri bolsa ýörite pul salar ýaly gaplarda saklaýardylar (bu esasanam şaýlyklar üçindi).

Ýyl 2010, Kuala Lumpur, Malaýziýa. Gezip görmäne gowy ýer. Täsin ýurt. Söwda maksady bilen “Maju Junction” atly söwda merkezine gelipdim. Indi gaýtjak bolup soňky ýerlerimi görüp ýörkäm birden öňüme gatnawdan ýatyrylan pullary satýan dükan duş geldi.

Birden gözüme biziň “Ýaşuly” düşmesinmi.

Üstünde SET diýip duran bolsa kolleksiýa bolanydyr diýip 50 manatdan başlap 10000 manada çenli bardyr öýtdim, ýöne arkalarynda 10000-lik puly görmedim. Bahasy 68 Ringgit, olam 23 amerikan dollary töwerek bolýar. (1 USD = 3 MYR)

Şeýlelik bilen täze manadymyzyň gymmatyny bilmesemem, öňki pullarymyzyň bahasyny bildim.

p.s.

Ýakynda Bangkokda bir takside barýarkam maşynynyň torpedosynda birtopar şaýlyklary goýandygyny gördüm. Biziň “Ýaşuly” hökman bolaýmaly. Köne puldan 500 manat bar ekeni. Aý menem elimde galan täze puldan 50 teňňe berdim…

3 Comments

Leave a Reply to Nazar Cancel reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *