Ýyl 2001…

Öz erkim bilen Internete ilkinji gezek giren wagtym… Ol döwürde bilýänje zadym Yahoo.com-dy, we onuň berýän mail (elektron hat hasaby) hasabyny alan wagtym begenjimiň çägi ýokdy…

Birnäçe wagt geçdi…

Aý indi näme Internete dagy “sen” diýip ýörän ýigit. Tapanja ýerime registrasiýa bolup, girmedik ýerim ýok ýalydy… Yahoo, Hotmail, ICQ, Mail.ru, Tmchat.ru, we ş.m.

Ýene biraz wagt geçdi…

Internetten doýma derejesine geldim. Indi chat we forumlaryň gyzygy öňküsi ýaly däl. Girip ICQ-dan online türkmen ýokmyka diýip wagt geçirmek manysyz bolup başlaýar. Internetiň öň maňa açylmadyk ýerlerini görüp başladym. Internetiň giden bir ummandygyny syn ettim.

Ahyry…

Internet indi meniň bir bölegim… Dünýäni kompýuterimiň ekranyndan Internet arkaly görýän. Birýerlere gitjek bolsam, daşarda nahar iýjek bolsam, birzatlar satyn aljak bolsam dagy Google daýydan maslahat alýan. Telefon aljak wagtym Internete girer ýaly birini saýlaýan. Biri bilen iş etjek wagtym ilki bilen ol adam hakda maglumat gözleýän. Ýola çykjakda biletlerimi satyn alýan. Barjak ýerimde otelleri barlaýan.

Garaz her ädimde Internet.

4 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *