Bir hepteden bäri internette haýsy-da bir tehnologiýa saýtyna girseň, ýa-da telewizorda bir tehnologiýa habarlary görseň hemmesi Apple firmasynyň bizi yzarlaýanlygyny habar berýärler. We onam Apple firmasynyň bizden duýdansyz edýändigini habar berýärler.Esas hekaýa Apple firmasynyň telefonlary bolan iPhone we tablet enjamy bolan iPad barada gürrüň edilýär. Öndüriji ile gowulyk etjek bolup şol enjamlarda bir funksiýa goşýar. Ol funksiýa eger-de siz enjamlaryňyzy ýitiren ýagdaýyňyzda tapyp biler ýaly enjamyň nirededigini elektron kartada görkezýär. We gyzykly tarapy ol funksiýa eýýam birnäçe aýdan bäri bar.

Firma ol funksiýanyň bardygyny ilatdan hiç haçan gizlemedi, hatta ol funksiýany isleseňiz öçürip boljagyny bildiripdi. Ýöne, birden (!), şol agzalýan funksiýany birilieri tapanmyş, onam bütin dünýä yglan edýär. Tehnologiýanyň “T” harpynyň nädip ýazylýanyny bilmeýän erkinlik (!) goragçylary uly sensasiýa edýärler.

Siz öň niredediňiz? Apple firmasy şol funksiýanyň bardygyny aýdan wagty niredediňiz? Ilki bilen pişigiňizi meýdana goýberýäňiz, soňam nädip şol pişigiňiziň bala guzlanyna ynanyp bilmän haýran galýaňyz!

Gepiň gysgasy, ýazmana zat tapman bolgusyz zatdan uly problema döredýänlerden bizar!

p.s.

Esas bizi yzarlaýan Google daýy barada hiç zat ýazylanok näme üçindir…

3 Comments

      • your indian friend

        Ol ozi hakykatdanam shonyaly. Men bir websaytdana okanymda we habarlary dinlanimde otayda gurrun umuman bashgacha gidyardi. Ol sen diyyan funksiyadan bashga bir kichi programma bolmaly we shonun usti bilen hachanda wireless yada 3g arkaly enjamyn eyesinin bar kontakt informasiya we smsleri, ondan bashgada onun nirelerde bolandygyny we shuna menzesh informasiyalary belli bir databaza iberyar. Ors programistleram shol sanda buny dakazat etdiler.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *