1984-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde doguldym. Doglan wagtym Gurban Baýramy bilen deň geleni üçin adym Baýram goýulypdyr.

Edil bäbeklik döwrümden ýadymda galan zat ýok. Ýöne 1987-nji ýylda öňki ady bilen Daşhowuz (Ташауз) häzir bolsa Daşoguza göçdik. Esas çagalyk ýatlamalarym mekdeb okuwçysy döwrümdekä başlanýar.1991-nji ýylda Daşoguz şäherindäki 3-nji orta mekdebinde okuwa başladym. 1-nji synpa başlanymyzda Lenin baba bilen başlapdyk. Belkide biz iň soňky oktýabrýonok (октябрёнок) bolanlardandyk. Okuw rus dilinde geçilýärdi, şol sebäpli rus dilini hem öwrenip galdyk.

1996-njy ýylda Daşoguz türkmen-türk mekdebine giriş synagyna gatnaşdym. 186 dalaşgäriň arasynda 2-nji bolup şol mekdebe girdim. We 2001-nji ýylda orta bekdebimi 3-nji bolup tamamladym.

Orta mekdebimi tamamlan ýylym (2001) Türkiýä ýokary okuw okamana gitdim. 6 ýyllyk Türkiýe tejribämden soň 2007-nji ýylda Atawatana dolandym.

Indiki 3 ýylym türk gurluşyk firmalary bilen baglanşykly bölüm. 3 ýyl içinde işlän wezipelerimi sanasaň sogaby bar. Ýönekeýje üpjün edijiň kömekçisinden başlap iň soňunda ammar müdiri wezipesine çenli her wezipäni gördim.

2010 ýylynda ýene Atawatany terk etmeli boldym. Bilýänje zatlarymy beýlekiler bilen paýlaşar ýaly günorta-gündogar aziýada günimi görýän.

Bul saýty açmagymyň esasy sebäbi türkmen dilinde açylýan kän blog bolmaýşy bolup durýar. Bu ýerde myhmanlarym bilen käbir zatlary paýlaşaryn diýip umyt edýärin.

Esasy gyzyklanýan zatlarym IT tehnologiýalary. Syýahat etmäni hem halaýan. Käwagt daş töweregimde bolýan zatlary syn edip bellik alýan…

Baýram TM

16 Comments

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *