Apr 062012
 

Bir ýyla golaý günorta-gündogar Aziýada bolandan soň Türkmenistana ýetip geldim. Öýde birnäçe wagt geçirip Aşgabada gaýtdym.

Gelenime görä birnäçe surat hem paýlaşmak wagty gelendir.

Continue reading »

Mar 292012
 

Men bul saýty açmankam hem “teswirler”de ýazýadym, açansoň hem aňyrda ýazmana dowam edýärin. Näme diýseňem türkmen internetiniň iň uly sosial saýty. Teswirleriň soňlugy bilen Ertir.com bolany bilen hem onuň abraýynda kemelme bolmady.

Ol ýerde köplenç bärdäki mowzuklarymy kopiýalap ýazýan. Ýöne käwagt diňe Ertir üçin ýazýan mowzuklarym bar. Esasan olar beýlekiler bilen pikir alyşma bolanda ýazýan.

Meniň Ertir.com-daky mowzuklarymy okasyňyz gelse şul aşakdaky sepi yzarlaň.

http://www.ertir.com/index.php?uid=984

Mar 292012
 

Daşary ýurtlarda, esasanam turistleriň kän gelýän ýerlerinde, suratkeşler kiçijek dükan açyp hem surat çekýärler hem suratlaryny satýarlar. Käwagt gidip olaryň surat çekişini göresim gelýär. Bir gezek kiçijek suraty çekişini dolulygyna synlap durupdyryn. Ol wagt ýanymda fotoapparatym ýokdy ýöne.

Aşakda Malaýziýa, Mýanma (Birma) we Taýlanddaky birnäçe mysallaryny paýlaşdym. Continue reading »

Mar 252012
 

Bangkok barada öňki mowzuklarda ýazypdym. Bul gezek diňe birnäçe surat paýlaşmakçy.

Continue reading »

Mar 172012
 

Bul hepde suratlarymy Ertir-de paýlaşdym. Bul hepdäniň temasy “Gadaganlyklar”.

Suratlary we beýlekileriň pikir-teswirlerini göresiňiz gelse ertir.com-daky mowzugyň sepi:

http://www.ertir.com/index.php?q=blog&view=25411

 

Bul gezek hepdelik suratlary wagtynda paýlaşyp bilmedim. Suratlar taýýardy welin, öz işlerim bilen wagt tapyp bilmedim.

Giç hem bolsa paýlaşýaryn. Iki hepdäniň suratlary dowamda… Continue reading »

 

Elim degenok… Ýaltanýan…

Başga-da birnäçe bahana bar aslynda. Kiçijek syýahatymyň dowamyny ýazjakdygyma söz beripdim. Bolanok, elim degenok… Ýöne arada bir gyzyklyja zatlar paýlaşasym hem gelýär. Hepdelik suratlar hem dowam edip dur…

Dynç güni, ýa-da Daşoguzda aýdylşy ýaly “bazar” güni, adyna laýyk geçirmek maksady bilen “shopping” ýollaryna düşdim. Söwdadan elim boş gaýtdym, maňa bolar ýaly egin-eşik tapmak uly mesele bärde. Continue reading »

 

Mýanmanyň (Birma) öňki paýtagty, iň uly ykdysady we medeni şäheri. Ilat sany biziň ýurdumyzyň jemine deň. Öňki ady Rangun bolan, käbir dillerde şäheriň resmi ady henizem Rangun (Rangoon/Рангун).

Bul gezek hepdelik suratlarda Ýangondan birnäçe surat paýlaşmakçy. Continue reading »

 

Suratlara dowam…

Orsça “чёрно-белый”, iňlis dilinde “white and black”, türkçe “siyah beyaz” suratlar. Türkmençesi näme bolýarka? Gara-Akmy ýa-da Ak-Gara? Dilimiň dogry gelişi ýaly diýenimde ak-gara diýesim gelýär. Ýöne belki-de dogrysy gara-akdyr… Garaz men bir karara gelýänçäm siz suraty görüberiň. Continue reading »

 

Sekizýüz müň amerikan manadyny kimiň eline alasy gelmez? Jogap: Meniň!

Maňa ýaňyja bir elektron hat (e-mail) geldi. Içinde bir haty surata öwürip hat bilen goşup iberipdirler. (Belki-de şeýdip spam filterini geçendirler) Suraty alyp içindäki haty okanymda “you have won $800,000.00 (EIGHT HUNDRED THOUSAND UNITED STATES DOLLAR)” diýýän bir hat çykdy. Continue reading »